Bu makalada nebitşlamyň fiziki-himiki, fiziki-mehaniki we mikrobiologik derňewleri hem- de ýerli mikrofloralary, şeýle hem uglewodorod-oksidleýji mikroorganizmleri nebit önümleri bilen hapalanan topraklaryň nebitini dargadyjylary ýüze çykarmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri getirilýär. Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryndan nebit bilen hapalanan topraklaryň we nebit galyndylarynyň mikrobiologik we mikologik derňewleri geçirildi.
Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň nebit önümleri bilen hapalanan topraklaryň gözlegleriniň netijesinde 3 sany bakteriýa, 14 aktinomiset we 9 uglewodorod-oksidleýji mikroorganizm tapyldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň nebit bilen hapalanan topraklarynda 8 görnüşe degişli 24 bakteriýa we uglewodorod-oksidleýji mikroorganizmleriň 11 görnüşi ýüze çykaryldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda iň öňdebaryjy membrana tersin osmos we elektrodializ usullarynyň Türkmenistanyň duzly suwlaryny duzsuzlandyrmakda ulanylyşy barha ýaýbaňlanýar, ýöne bu usullary netijeli ulanmak üçin ilki duzly suwy käbir päsgel berýän maddalardan öňünden arassalamak talap edilýär. Hususan-da, suwlardaky demir we marganes ionlary, mehaniki dispers bölejikler membranalaryň üstünde we öýjüklerinde eremesi kyn çökündileri emele getirýärler. Şeýle bolansoň, suwlar membrana desgalaryna berilmezden öň şol ionlardan talaba laýyk arassalanylmaly. Bu babatda ýerli tebigy mineral serişdeleri ulanmak ykdysady taýdan has bähbitli. Şundan ugur alyp şu işde ýerli tebigy Kelete käniniň dolomitlerini marganes, demir ionlaryndan arassalamakda sorbent hökmünde ulanmak mümkinçiligi öwrenildi.
Ýurdumyzda ylmyň öňdebaryjy tejribelerini we häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde jemleýän, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz, döwrebap ykdysady-önümçilik düzümlerini döretmekde innowasiýalara aýratyn üns berilýär.
Barlaglaryň maksady kaliý ýodatyny dört komponentli sistemadan bölüp almagyň ylmy esaslaryny we ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýany işläp düzmekden ybarat.
Kaliý ýodatyny almagyň ýokary çykymly işlenilip düzülen usuly ýoduň kaliý gidroksidi bilen reaksiýasyna we emele gelen ýodid ýodat garyndysynyň hlor bilen aşgar gurşawynda oksidlendirilmegine esaslanýar. Kaliý ýodatyny ýoduň kaliý gidroksidi bilen reaksiýasynyň esasy önümi hökmünde almaga mümkinçilik berýän tehnologiýasy we tehnologik shemasy taýýarlanyldy. Bu önümi almagyň işlenip düzülen usulynyň häzirki önümçilkde ulanylýan usullara garanda önümiň çykymyny 4,8-5 esse (15-16% -den 83-84%-e çenli) ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigi geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde anyklanyldy.
Hlorella diametri 2-10 mkm bolan protokkok ýaşyl suwotulara degişli bolan mikrosuwotudyr. Kadaly ýagdaýlarda ösdürilende hlorellanyň ähli ştammlary öz biomassasynda 40-55% mukdarda beloklary, 35%-e çenli uglewodlary, 5-10% mukdarda lipidleri we 10%-e çenli mineral maddalary emele getirýär.
Bu işde hlorellanyň iýmitlendiriji gurşawyny döretmek boýunça kanunalaýyklyklar we talaplar getirilýär hem-de deňagramlaşdyrylan A5П gurşawyny kämilleşdirmegiň esasynda A5П-M1 iýmitlendiriji gurşawy döredildi. Bu iýmitlendiriji gurşaw karbamid, ammofos, K2SO4, Mg2SO4 ýaly organiki-mineral maddalardan durup, ol hlorellanyň himiki birleşmelere bolan islegini doly kanagatlandyrýar.
Deňagramlaşdyrylan iýmitlendiriji gurşawy döretmek boýunça geçirilen tejribe işleri hlorellany ösdürmekde ulanylýan suwuň düzümindäki himiki elementleriň mukdarynyň hasaba alynmagynyň zerurdygyny görkezdi. Geçirilen tejribeler Aşgabat şäherinden gündogarlygyna 75 km uzaklykda ýerleşýän Babadurmaz obasyndaky balyk hojalygynda ulanylýan suwuň düzüminde hlorellanyň bir gramyny ösdürip ýetişdirmek üçin gerek bolan azodyň 12,4%-iniň we fosforyň 22,7%-iniň bardygyny görkezdi.
Häzirki wagtda awtomatiki gurluşlaryň programmirlenýän logiki dolandyryjy gurluşlaryň binýadynda öndürilmegi, önümçilik maksatlaryna niýetlenilen önümleriň diňe bir tehniki- ykdysady taýdan görkezijileriniň ýokarlanmagy bilen çäklenilmän, önümiň işlenilip taýýarlanylyş wagtynyň birnäçe esse gysgaldylmagyna hem mümkinçilik berýär. Programmirlenilýän logiki dolandyryjy gurluşlaryň ornaşdyrylmagy önümçilikde hil derejesini ýokarlandyrma giň işjeň mümkinçilikleri açýar.
Süýjüli diabetli (SD) näsaglarda parodontyň gaýnaglama keselleriniň içinde gingiwit we dürli agyrlyk derejedäki üznüksiz ýaýraň parodontit ýygy duş gelýär. II görnüşli bolan SD näsaglarda laborator we paradontologiki görkezijileri öwrenmegiň esasynda ganyň düzümindäki elementleriň: segmentoýadroly leýkositleriň, limfositleriň, monositleriň SD-niň derejesine baglylykda üýtgemegi bilen SD-li näsaglarda keseliň agyrlyk derejesini anyklamaga hem-de ygtybarly bejeriş-öňüni alyş çäreleri amal etmäge mümkinçilik berýär. Näsaglaryň ýaşynyň artmagynyň we SD-niň kliniki derejesiniň çuňlaşmagynyň netijesinde paradontda gaýnaglama hadysasynyň has agyr geçýändigi kesgitlenildi. SD-li näsaglaryň äňleriniň alweolýar süňk dokumalarynda metabolizmiň we gan üpjünçiliginiň bozulmalary agyz boşlugynyň agzalarynyň ýagdaýyna täsir edýändigi sebäpli kliniki, funksional, laborator üýtgemeleriň anyklanylmagy ygtybarly bejergini we öňüni alyş çärelerini wagtynda amal etmäge ýardam berer.
Makalada ýeterlik tebigy çeşmeleriň serişdeleri göz öňünde tutulyp, dermanlyk ösümlikleriň bioekologik we organiki birleşmeleriniň aýratynlyklaryny öwrenmek hem-de olary rejeli peýdalanmak, olaryň fitoserişdelerini ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şeýle-de lukmançylygyň derman senagatynda peýdalanmagyň mümkinçilikleriniň ylmy seljermesi geçirilýär. Köpetdagyň endemik dermanlyk ösümligi bolan sitwar görnüşli ýowşanyň (Artemisia ciniformis Krasch. et M. Pop. ex Poljak.) düzümindäki flawonoidler mukdar taýdan anyklanylýar.