Metanyň suwuk gidrokarbonlara we wodoroda fiziki-himiki öwrülişikleriniň mehanizmleri
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
13-30

Metany kislorodyň gatnaşmagynda dimerizasiýa usuly bilen gönüden-göni C–C baglanyşykly gidrokarbonlara öwürmegiň termodinamika taýdan mümkin däldigi giňişleýin esaslandyryldy. Metanyň dürli H2/CO we H2/CO2 molýar gatnaşykly sintez-gazlara we sintez-gazlaryň suwuk gidrokarbonlara we wodoroda fiziki-himiki öwrülişikleriniň mehanizmleri beýan edildi, olaryň ylmy hem-de amaly taýdan wajyplygy esaslandyryldy, suwuk gidrokarbonlary we wodorody öndürmek üçin senagat ähmiýetli sintez-gazlaryň klassifikasiýasy işlenip düzüldi.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri esasyndaky energetika desgalaryny elektrik ulgama birikdirmegiň ylmy-tehnologik esaslandyrmasy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
31-64

Makalada merkezi elektrik üpjünçilik bekedinden uzakdaky sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatyndaky meselelere garalýar. Türkmenistanyň howa şertlerinde fotoelektrik gün we ýel elektrik stansiýalarynyň köp ugurly utgaşdyrylan ulgamlaryny elektroenergetika ulgamyna birikdirmegiň shemasy teklip edilýär. Elektroenergetika ulgamyna birikdirmegiň usuly giňişleýin düşündirilýär we elektrik energiýasyny öndürmek üçin köp ugurly utgaşdyrylan ulgamlary taslamagyň ähmiýeti subut edilýär. Şeýle hem taslama işleriniň ygtybarlygyny üpjün etjek programma üpjünçiliginde hasaplama usuly teklip edilýär.

Buraw erginleriniň önümli gatlaga täsiri
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
65-86

Derňelip geçilen buraw erginleriniň häsiýetnamalaryny deňeşdirmek önümli gatlak burawlananda we özleşdirilende uglewodorod esasly taýynlanan erginleri peýdalanmagyň amatlydygyny görkezýär.

Sebitiň ulag ulgamynyň ýeke-täk maglumat giňişligi
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
87-101

Maglumat tehnologiýasy ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, ulag pudagynda hem dolandyrmak üçin esasy gurallaryň biri hasaplanýar. Ulag ulgamynda giňden peýdalanylýan tehnologiýalaryň arasynda geomaglumat tehnologiýalary iň meşhurydyr. Geomaglumat tehnologiýalary dürli görnüşli ulag merkezlerine bir maglumat ulgamyna birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Makalada ýeke-täk maglumat giňişligini döretmegiň usuly beýan edilýär. Bu işäp düzmeler üçin häzirki wagtda has meşhur QGIS programma üpjünçiligi we Python programmirleme dili ulanyldy. Bu ýeke-täk maglumat ulgamy sebitdäki üstaşyr nokatlar barada zerur maglumatlary özünde jemleýär we ulag prosesiniň amatly guralmagyny üpjün eder. Beýan edilen usullar diňe bir üstaşyr ulgamlaryň ýeke-täk maglumat giňişligi üçin däl, eýsem ulag ulgamynyň beýleki ugurlary üçin hem ulanylyp bilner.

Häzirki zaman web serwerleriň içki gurluşy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
102-110

Makalada häzirki zaman web serwerleriň içki gurluşyna giňişleýin seljerme berilýär. Serweriň esasy komponentleri web serwer programma üpjünçiligi, operasion ulgamy, tor infrastrukturasy we maglumat gorlary ýaly derňelýär. HTTP, HTTPS, FTP we POP3 ýüz tutmalary gaýtadan işlemek proseslerine, şeýle hem dürli öndürijilik optimallaşdyrma usullaryna aýratyn üns berilýär we häzirki tendensiýalary öwrenýär.

Psoriaz barada häzirki zaman düşünjesi
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
111-131

Psoriaz – genetiki faktorlaryň ösmeginde agdyklyk edýän köp faktorly gelip çykyşly immun arabaglanyşykly dowamly kesel bolup durýar. Näsaglaryň 30%-inde psoriaz keseli psoriatik artritiň (PsA) döremegi bilen geçýär, ol näsaglaryň maýyp bolmagyna we daýanç-hereket ulgamynyň gurluşlarynyň işiniň ýitirilmegine sebäp bolup biler. Ilatyň 2-3%-i psoriaz keselinden ejir çekýär. Köplenç ýagdaýlarda psoriaz durmuş taýdan işjeň ýaşlyk döwründe ýüze çykyp, näsagyň ýaşaýşyna amatsyz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda psoriaza komorbid ýagdaýlaryň düzümine ýürek-damar ulgamynyň keselleri, aşgazan-içege ýolunyň sowuklama keselleri, böwrekleriň keselleri, onkologik keseller, metaboliki sindrom, insuline durnuklylyk we süýjüli diabet, dislipidemiýa, psihiatrik komorbidlik, neýroendokrin bozulmalar, gepatobiliar ulgamyň keselleri degişli bolýar. Psoriaz keseliniň dürli görnüşli bolýanlygyny nazara almak bilen bejerginiň usulynyň saýlanylmagy psoriaz prosesiniň agyrlygyna, komorbidligine, kesel bilen bagly psihiki-sosial agramyna, howpsuzlyga, näsagyň ileri tutmalaryna bagly bolýar. Psoriaz keseliniň bejergisi üçin dürli görnüşli usullary, şol sanda topiki dermanlary, fotobejergini, ulgamlaýyn we gen-inžener biologik serişdeler bilen bejergi usullaryny ulanýarlar.

Adaty hozuň liofilizirlenen gury ekstraktynyň alnyşy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
132-144

Makalada barlaghana şertlerinde liofilizasiýa usuly arkaly ýabany ösýän adaty hozuň ýapragyndan gury ekstraktyň alnyşy beýan edilýär.