Kerrewligiň we kerligiň innowasion barlag usullaryny amalyýete ornaşdyrmaklygyň netijeliligi
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Bu makalada ýurdumyzda kerligi we kerrewligi irki döwürlerde ýüze çykarmak maksatlary bilen amalyýete ornaşdyrylýan eşidişiň innowasion, obýektiw barlag usullaryna ylmy nukdaýnazardan baha berilýär. Şeýle-de geçirilen ylmy-barlag işleriň çäklerinde işlenip düzülen barlag-bejergi çäreleriniň kämilleşdirilen netijeli usullarynyň yzgiderliligi, kiçi ýaşly çaganyň eşidişiniň öý şertlerinde kesgitlemegiň aýratynlyklary beýan edilen.

Esasy sözler
Akumetriýa, akustiki impodansometriýa, otoakustiki emissiýa (ehoskrining), gysgalatent eşidişiň döredilen potensialy ýa-da Brainstem Evoked Response Audiometry, eşidişi öý şertlerinde kesgitlemek.
Awtor barada
Täçmyrat Garaýew

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory


Maýa Annaseýidowa

Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi

Turkmenistan

Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň otorinolaringolog lukmany


Selbi Garaýewa

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi

Turkmenistan

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň Kabul ediş bölüminiň otorinolaringolog lukmany


Edebiýatlar

1. «Saglyk» döwlet maksatnamasy, 2021.

2. «Türkmenistanda ösüş pediatriýasy we irki goşylyşma ulgamyny ornaşdyrmagyň Konsepsiýasy» we ony ýerine ýetirmegiň 2016-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy.

3. Atamyradow M.A., Garaýew T.A. Eşidiş analizatory. – Aşgabat, 2008.

4. Annaseýidowa M.Ýa., Garaýew T.A., Joraýewa G.R., Hojaýewa G.Ýo. Çagalarda kerrewligi anyklamakda käbir innowasion barlag we bejergi usullarynyň netijeleri «Saglyk-2018», atly ylmy-amaly maslahaty. – Aşgabat, 2018 ý., sah.161.

5. Garaýew T.A., Annaseýidowa M.Y., Annamyradowa G.J. Eşidişiň barlagynyň çagalardaky aýratynlyklary. – Aşgabat, 2022.

6. Saparalyýewa E.M. Türkmenitanda audiologiýa gullugnyň ýagdaýy barada hasabat. – Aşgabat, 2023.

7. Гарбарук Е.С. Отоакустическая эмиссия в группе глубоконедоношенных младенцев. Российская оториноларингология – №1(20) – 2006 – стр. 48-51.