Makalalary kabul etmek
Makala ugratmak
Žurnala girmek üçin hasabyňyz barmy?
GirTäze hasap gerekmi?
Hasap açSiz hasap açyp we öz hasabyňyza giren bolsaňyz, makala ugratmak prosesine başlap bilersiňiz.
Makala ugratmakTürkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyna ylmy makalalary hödürlemek üçin
GOLLANMA
Awtorlar üçin umumy talaplar
- hödürlenýän makala öň beýleki neşirlerde çap edilmedik bolmaly;
- hödürlenýän makala döwlet syrlaryna we ýaýratmaklyk çäklendirilen gulluk maglumatlaryna degişli ylmy we tehniki maglumatlar saklanmaly däldir.
Makalanyň tekstiniň göwrümi
Makalanyň tekstiniň göwrümi boşluklar we salgylanmalar hasaba alnanda 20 000-den 60 000 belgä çenli (0,5-dan 1,5-a çenli çap listi) bolmaly.
Makalanyň tekstiniň formaty
- Times New Romanda, 12-lik şriftde, tekstiň inine görä sahypanyň ortasyna deňölçegli görnüşde ýerleşdirilmeli;
- sahypanyň her tarapyndaky boşluk – 2 sm, setir arasy – 1,15 pt, birinji setirdäki boşluk - 1,25 bolmaly;
- abzasyň öňünden aralyk goýulmaýar (ýok), soňunda aralyk “awto” bolmaly;
- tekst sahypada bir kolonkada ýerleşdirilmeli;
- tekste tapawutlandyrmalar diňe gyýtak ýa-da ýarym gara harplar bilen ýerine ýetirilmeli;
- makalanyň bölümleri belgilenen bolmaly, bölümleriň sözbaşylary Times New Romanda, 14-lik şriftde, ýarym gara, sahypanyň çep tarapynda ýerleşdirilmeli;
- tekstde aýratyn bentleri ýa-da sanawy tapawutlandyrmak üçin diňe arap sifrleri ulanylmaly.
Makalanyň tekstiniň gurluşy
Makala türkmen, rus we iňlis dillerinde bolmaly.
Makalanyň gurluşy nusga laýyk bolmaly:
-
Birinji (baş) sahypa indiki maglumatlary saklamaly:
- Sözbaşy (Times New Romanda, 16-lyk şriftde, ýarym gara, sahypanyň ortasynda ýerleşen);
- Makalanyň awtorynyň doly F.A.A.a., awtor baradaky maglumatlar – alymlyk atlary, alymlyk derejeleri, wezipesi, işleýän/okaýan ýeri (edaranyň ady) (Times New Romanda, 14-lik şriftde, ýarym gara gyýtak, sahypanyň çep tarapynda ýerleşen, sözbaşydan soň bir setir goýberilip ýazylmaly);
- Makalanyň annotasiýasy (Annotasiýa işiň wajyplygyny, maksadyny, ulanylan usullar we usulyýetler baradaky maglumaty, netijeleri özünde saklamaly. Annotasiýa işiň mazmunyna doly laýyk gelmeli. Annotasiýanyň tekstiniň göwrümi boşluklar bilen birlikde 1200 belgiden köp bolmaly däl. “Annotasiýa” sözi Times New Romanda, 14-lik şriftde, ýarym gara, sahypanyň ortasynda ýerleşen, awtor baradaky maglumatlardan soň bir setir goýberilip ýazylmaly. Annotasiýanyň teksti şrifti Times New Romanda, 12-lik şriftde, gyýtak, tekstiň inine görä sahypanyň ortasyna deňölçegli ýerleşen, çepden we sagdan boşluk – 4 sm., birinji setirde boşluk - 1,25 bolmaly);
- Açar sözleri (1-den 10-a çenli bolup, annotasiýanyň aşak ýanda ýerleşmeli. “Açar sözi” söz düzümi Times New Romanda, 14-lik şriftde, ýarym gara, sahypanyň çep tarapynda ýerleşen, çepden we sagdan boşluk – 4 sm, söz düzüminden soň iki nokat goýulmaly. Açar sözleriň özleri “Açar sözi” söz düzüminden soň, şol bir setirde, oturdan soň ýazylmaly.);
- Awtorlar bilen habarlaşmak üçin maglumatlar (Baş sahypada F.A.A.a.-da salgylanmada ýerleşdirilýär, awtoryň(laryň) familiýasyny, atasynyň adyny we elektron poçtasyny özünde saklaýar.);
- Tutuş tekst bölümler boýunça tertiplenen bolmaly. Ylmy-barlaglaryň netijelerine bagyşlanan golýazmanyň tutuş teksti umumy kabul edilen nusga laýyk bolmaly we indiki bölümleri özünde saklamaly: giriş (wajyplygy), işiň maksady we wezipeleri, esasy bölüm, netijeler.
Makalanyň teksti ikinji sahypadan başlanýar.
Tablisanyň taýýarlanylyşy
- Tablisalar makalanyň tekstinde ýerleşdirilýär, olarda tertip belgisi goýlan ady bolmaly hem-de okamak üçin rahat we düşnükli bolmaly. Tablisanyň tertip belgisi we ady tablisanyň ýokarsynda ýerleşdirilmeli. Tertip belgisi “1-nji tablisa” ýaly ýazylmaly we Times New Romanda, 12-lik şriftde, gyýtak, sahypanyň sag tarapynda ýazylmaly. Ady indiki setirde Times New Romanda, 12-lik şriftde, sahypanyň ortasynda ýerleşdirilmeli.
- Tablisanyň maglumatlary tekstdäki sifrlere laýyk gelmeli, şol bir wagtda tekstde getirilen maglumatlary gaýtalamaly däl.
- Tekstde tablisalara salgylanmalar hökmany berilmeli.
Suratlaryň we grafiki maglumatlaryň taýýarlanylyşy
- Suratlar (grafikler, diagrammalar, shemalar, çyzgylar we beýleki MS Office (“Microsoft Graph” ýa-da “Excel” we ş.m.) serişdelerde çekilen suratlar) takyk we dury bolmaly.
- Grafiki maglumatlaryň göwrümi ýeterlik kiçi (minimum) bolmaly. Grafiki obýektler sahypanyň ölçeginden daşyna çykmaly däl we bir sahypanyň çägine ýerleşmeli.
- Grafiki obýektler surat ýa-da birleşdirilen oýekt görnüşinde bolmaly.
- Her bir surat tekstde ýerleşdirilip, suratyň aşagynda tertip belgisi goýlan ady bilen berilmeli. Obýektiň tertip belgisi we ady obýektiň aşagynda ýerleşdirilmeli. Tertip belgisi “1-nji surat” ýaly ýazylmaly we Times New Romanda, 10-lyk şriftde, gyýtak, sahypanyň çep tarapynda ýerleşdirilmeli. Soňra Times New Romanda 10-lyk şriftde ady ýazylmaly.
- Tekstde suratlara salgylanmalar hökmany berilmeli.
Formulalaryň ýazylyşy
Matematiki formulalar “Microsoft Equation” formula redaktorynda ýazylmaly. Olaryň tertip belgisi sag tarapyndan ýaýyň içinde ýazylmaly. Formulanyň sany has köp bolanda olar bölümler boýunça belgilenilmeli.
Edebiýatlaryň sanawynyň taýýarlanylyş düzgünleri
- Edebiýatlaryň sanawy makalanyň soňunda getirilmeli we “Edebiýat” atly sozbaşy goýulmaly. Sözbaşy Times New Romanda, 14-lik öşriftde, ýarym gara, sahypanyň çep tarapynda ýerleşmeli. Edebiýatlaryň öz sanawy Times New Romanda 12-lik şriftde, 1,25 sm boşluk goýberilip ýazylýar.
- Edebiýatlaryň sanawynda her bir edebiýat çeşmesi täze setirden başlap ýazylmaly. Sanawda ähli işler elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär. Ilki türkmen, yzyndan daşary ýurt edebiýatlary, soňra elektron çeşmeler getirilýär.
- Eger edebiýatlaryň sanawynda şol bir awtoryň, şol bir ýylda çykan birnäçe işi getirilse, onda ýylyna harply tertip belgi goşulýar (2021a, 2021b, we ş.m).
- Her bir edebiýadyň ähli awtorlary görkezilmeli. Eger awtorlaryň sany 4 ýa-da ondan köp bolanda, 3 awtordan soň “we başgalar” gysgaltmany goýmaly. Edebiýadyň adyny gysgaltmaklyga ýol berilmeýär.
Salgylanmalaryň getirilişi
Tekstde edebiýada salgylanylanda awtorynyň familiýasy we tegelek ýaýyň içinde çykan ýyly görkezilmeli, meselem, (Batyrow, 2012) ýa-da (Petrov, Johnson, 2010). Sitata getirilende edebiýat goşa dyrnak ýapylandan soň sahypany görkezmek bilen tegelek ýaýda ýazylmaly, meselem, “...” (Berdiýew, 2021, s. 17)
Bellik:
- Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär.
- Bildirilýän talaplara laýyk gelýän makalalar üç sany garaşsyz ekspertlere syna ugradylýar we synlar esasynda žurnalyň redaksiýasy makalany neşir etmek, etmezlik ýa-da gaýtadan işlemek barada çözgüt çykarýar. Makalany neşir etmek barada çözgüt çykandan soň bir hepdäniň dowamynda awtor habarly edilýär.