Ekspertleriň syny

Žurnala hödürlenilen makala üç sany garaşsyz ekspertlere syna ugradylýar. Synçylaryň ýeterlik başarnygynyň bolmagyny Elektron žurnalyň redaksiýasy üpjün edýär. Awtora synçy barada, synça awtor barada maglumat berilmeýär. Synlar esasynda žurnalyň redaksiýasy makalany neşir etmek, etmezlik ýa-da gaýtadan işlemek barada çözgüt çykarýar. Synlaryň hakyky nusgasy Elektron žurnal neşir edilen gününden soň redaksiýada 3 ýyl saklanylýar.