Ylmy neşiriň etikasy
Elektron žurnalda neşir edilýän makalalarda döwlet syrlaryna we ýaýratmaklyk çäklendirilen gulluk maglumatlaryna degişli ylmy we tehniki maglumatlar saklanmaly däldir.
Neşir edilýän makalalar ylmy häsiýetde bolmalydyr. Makalada başga awtoryň makalalarynyň tekstlerini, böleklerini ulanmaklyga ýol berilmeýär we ulanylan ylmy edebiýatlara hökman salgylanmalar bolmalydyr.
Hödürlenen maglumatlaryň ygtybarlylygy we seredilýän makalanyň ylmy ähmiýeti göz öňünde tutup, žurnalyň redaksiýasy makalany neşir etmek barada çözgüt çykarýär.
Neşir edilmedik golýazmalar üçünji tarap bilen ulanylyp ýa-da paýlaşylyp bilinmez.
Redaktor göçürilen maglumatlary öz içine alýan makalalaryň çap edilmegine ýol bermeýär.
Synçy makala obýektiw we esasly baha bermäge borçly bolup, makalany üçünji tarap bilen ara alyp maslahatlaşmaýar. Ähli golýazmalar gizlin resminama hökmünde kabul edilýär.
Awtor hödürlenýän ylmy-barlaglaryň netijeleriniň täzeligi we ygtybarlylygy üçin jogapkärdir. Şol bir makalanyň golýazmasy birnäçe žurnallara hödürlenilmeli däldir.
Awtor makalanyň golýazmasynda möhüm ýalňyşlyklary tapan halatynda, redaksiýa gysga wagtda habar bermelidir.