Lukmançylyk ylmynda mass – spektrometriýa usulynyň ulanylyşy
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düzüminde jemi 7 sany ylmy barlaghanalar hereket edip, olar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Şol barlaghana enjamlarynyň biri hem Agilent kompaniýasynyň Infiniti 1290 kysymly we kwadrupol mass detektory bolan suwuklyk hromatograf hem-de Agilent kompaniýasynyň 7850 kysymly ICP-MS mass spektrometr enjamlarydyr. Bu enjamlaryň kömegi bilen adamyň gan plazmasynyň we peşewiň düzüminde steroid gormonlary we galkan şekilli mäziň gormanlary, witaminleri hem-de saçyň we dyrnagyň düzüminde ýaşaýyş üçin zerur bolan mikro elementleriň mukdarlaryny kesgitlemeklik pylanlaşdyrylýar.

Mass spektrometriýa – maddalaryň molekulýar düzümini kesgitlemek üçin ulanylýan çylşyrymly analitiki usuldyr. Bu usul maddalaryň molekulalarynyň we atomlarynyň ionlarynyň massa-zarýad gatnaşykdaky (m/z) görkezijileri esasynda hil we mukdar taýdan kesgitläp berýär.

Esasy sözler
Mass-spektrometriýa, suwuklyk hromatografiýa, kwadrupol, mass analizator.
Awtor barada
Perhat Soltanmyradow

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy

Turkmenistan

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň Ösümlikleriň melhemlik täsirini öwreniş barlaghanasynyň ylmy işgäri


Edebiýatlar

1. Kochanek, K. A Universal Computer Audiometer for Objective Hearing Testing and Screening‖ / K. Kochanek, L. Sliwa, J. Zajac, H. Skarzynski // IEEE International Workshop on Medical Measurement and Applications, Warsaw, Poland, May 4-5, 2007. – pp. 1–3.

2. Кирковский В.В. Физико-химические методы коррекции гомеостаза. /В.В. Кирковский. – М.: Издательский дом «Русский врач», 2012. – 216 с.

3. Михайлова Д.О., Бобылева З.Д., Базарный В.В., Амон Е.П., Бейкин Я.Б., Беседина Л.Т., Мельникова О.В., Шилова В.П., Розанова С.М., Перевалова Е.Ю. Диагностическое значение различных иммунологических методов лабораторной диагностики легионеллеза. // Журн. микробиол., эпидемиол. иммунобиол., 2008; № 2, с. 51-53.

4. White D.C. Validation of quantitative analysis for microbial biomass, community structure, and metabolic activity.// Adv. Limnol., 1988, №31, p. 1-18.