Suwlary demir we marganes ionlaryndan arassalamak
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň öňdebaryjy membrana tersin osmos we elektrodializ usullarynyň Türkmenistanyň duzly suwlaryny duzsuzlandyrmakda ulanylyşy barha ýaýbaňlanýar, ýöne bu usullary netijeli ulanmak üçin ilki duzly suwy käbir päsgel berýän maddalardan öňünden arassalamak talap edilýär. Hususan-da, suwlardaky demir we marganes ionlary, mehaniki dispers bölejikler membranalaryň üstünde we öýjüklerinde eremesi kyn çökündileri emele getirýärler. Şeýle bolansoň, suwlar membrana desgalaryna berilmezden öň şol ionlardan talaba laýyk arassalanylmaly. Bu babatda ýerli tebigy mineral serişdeleri ulanmak ykdysady taýdan has bähbitli. Şundan ugur alyp şu işde ýerli tebigy Kelete käniniň dolomitlerini marganes, demir ionlaryndan arassalamakda sorbent hökmünde ulanmak mümkinçiligi öwrenildi.

Esasy sözler
Dolomit, suw, marganes, demir, arassalamak, tebigy sorbent, sorbsiýa.
Awtor barada
Çynar Hojamuhammedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Turkmenistan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy


Hojanepes Ýowjanow

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Turkmenistan

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory


Edebiýatlar

1. Евжанов Х. Очистка и повторное использование коллекторно-дренажных вод // Химия и технология воды Т.31, №1, 2009.

2. Евжанов Х., Ходжамухаммедова Ч., Сапаров Х. Способ очистки вод от марганца и железа, Патент Туркменистана №690, СО2F 1/28, 2016.

3. Николадзе Г.И. Технология очистки природных вод. – М., 1987.