Kämilleşdirilen А5П-М1 iýmitlendiriş gurşawyny hlorella mikrosuwotyny ösdürmekde ulanmagyň meseleleri
Doly tekst
Gysgaça beýany
Hlorella diametri 2-10 mkm bolan protokkok ýaşyl suwotulara degişli bolan mikrosuwotudyr. Kadaly ýagdaýlarda ösdürilende hlorellanyň ähli ştammlary öz biomassasynda 40-55% mukdarda beloklary, 35%-e çenli uglewodlary, 5-10% mukdarda lipidleri we 10%-e çenli mineral maddalary emele getirýär.
Bu işde hlorellanyň iýmitlendiriji gurşawyny döretmek boýunça kanunalaýyklyklar we talaplar getirilýär hem-de deňagramlaşdyrylan A5П gurşawyny kämilleşdirmegiň esasynda A5П-M1 iýmitlendiriji gurşawy döredildi. Bu iýmitlendiriji gurşaw karbamid, ammofos, K2SO4, Mg2SO4 ýaly organiki-mineral maddalardan durup, ol hlorellanyň himiki birleşmelere bolan islegini doly kanagatlandyrýar.
Deňagramlaşdyrylan iýmitlendiriji gurşawy döretmek boýunça geçirilen tejribe işleri hlorellany ösdürmekde ulanylýan suwuň düzümindäki himiki elementleriň mukdarynyň hasaba alynmagynyň zerurdygyny görkezdi. Geçirilen tejribeler Aşgabat şäherinden gündogarlygyna 75 km uzaklykda ýerleşýän Babadurmaz obasyndaky balyk hojalygynda ulanylýan suwuň düzüminde hlorellanyň bir gramyny ösdürip ýetişdirmek üçin gerek bolan azodyň 12,4%-iniň we fosforyň 22,7%-iniň bardygyny görkezdi.
Esasy sözler
Hlorella, mikrosuwoty, biomassa, fotobioreaktor, awtospora, ştamm, lipid.Awtor barada
Nurgeldi SeýtgeldiýewTürkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Turkmenistan
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehniki ylymlary bölüminiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty
Edebiýatlar
1. Иерусалимский Н.Д. Принципы регулирования скорости роста микроорганизмов // Управляемый биосинтез. – М., 1966.
2. Мельников С.С., Мананкина Е.Е. Хлорелла физиологически активные вещества и их применение. – Минск. 1991.
3. Музаффаров А. М., Таубаев Т.Т. Хлорелла, Фан, Ташкент: 1974 – С. 130.
4. Сейтгельдыев Н., Упитис В.В. и др. Модификация среды А-5П и испытание её при опытно- промышленном культивировании хлореллы с использованием солнечной энергии. – Ашхабад, Наука и техника в Туркменистане, Серия биологических наук. №1,1992, – С. 46
5. Упитис В.В. Макро- и микроэлементы в оптимизации минерального питания микроводорослей. – Рига: Зинатне, 1983. – С. 239.