II görnüşli süýjüli diabeti bolan näsaglarda üznüksiz parodontitiň barlag usullarynyň görkezijileri
Doly tekst
Gysgaça beýany
Süýjüli diabetli (SD) näsaglarda parodontyň gaýnaglama keselleriniň içinde gingiwit we dürli agyrlyk derejedäki üznüksiz ýaýraň parodontit ýygy duş gelýär. II görnüşli bolan SD näsaglarda laborator we paradontologiki görkezijileri öwrenmegiň esasynda ganyň düzümindäki elementleriň: segmentoýadroly leýkositleriň, limfositleriň, monositleriň SD-niň derejesine baglylykda üýtgemegi bilen SD-li näsaglarda keseliň agyrlyk derejesini anyklamaga hem-de ygtybarly bejeriş-öňüni alyş çäreleri amal etmäge mümkinçilik berýär. Näsaglaryň ýaşynyň artmagynyň we SD-niň kliniki derejesiniň çuňlaşmagynyň netijesinde paradontda gaýnaglama hadysasynyň has agyr geçýändigi kesgitlenildi. SD-li näsaglaryň äňleriniň alweolýar süňk dokumalarynda metabolizmiň we gan üpjünçiliginiň bozulmalary agyz boşlugynyň agzalarynyň ýagdaýyna täsir edýändigi sebäpli kliniki, funksional, laborator üýtgemeleriň anyklanylmagy ygtybarly bejergini we öňüni alyş çärelerini wagtynda amal etmäge ýardam berer.
Esasy sözler
Parodont keselleri, üznüksiz parodontit, ýeňil, orta, agyr derejesi, äň süňküniň alweolýar ösüntgili osteosklerozy, osteoporozy, destruksiýa, süýjüli diabet, parodontal indeks.Awtor barada
Hojamämmet JumaýewMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Turkmenistan
Stomatologiýa boýunça DST kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory
Jumagül Orazowna Amanowa
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Turkmenistan
Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti
Aýgül Maksadowa
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Turkmenistan
Stomatologiýa boýunça DST kafedrasynyň kliniki ordinatory
Edebiýatlar
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. IX Tom, 286-336 sah.
2. Akiýewa B.A., Elýasow M.A. Süýjüli diabet. – Aşgabat: Ylym, 2010.
3. Бородина В. И., Замятина О. В., Поварова О. Ю. Сахарный диабет, клиника, диагностика, поздние осложнения, сахароснижающая и метаболическая терапия. – Москва, 2009. стр. 60
4. Еловикова Т.М., Трошунин А.В., Жукова Е.Е., Ожгихина Ж.Э. Пародонтология. – Москва, 2013, стр. 51-54.
5. Льянова Д.К. Иммуннологическая реактивность организма в патогенезе хронического пародонтита на фоне диабета М. – Москва, 2012. стр. 45.
6. Орехова Л.Ю., Горбачёва И.А., Силина Э.С., Мусаева Р.С., Бармашева А.А. Сравнительная оценка эффективности применения лечебно-профилактических зубных паст у пациентов с сахарным диабетом. Стоматолог. №4, 11 2013, стр. 35-36.