Teklip berilýän
tehnologiýada tebigy gaz kömürturşy gazy (CO2) bilen garylýar, garyndy konwersiýa sezewar
edilýär we H2/CO = 1:1 molýar gatnaşykly sintez gaz-1 alynýar. Sintez
gaz-1 nanomembranaly separatorda H2/CO=1:2 molýar gatnaşykly sintez gaz-2 we wodoroda
bölünýär. Sintez gaz-2 ýokary olefinlere gaýtadan işlenilýär, artykmaç wodorod
harytlyk önüm hökmünde aýrylýar, galan kömürturşy gazy CO2 gazlaryň başlangyç garyndysyna gaýdyp
berilýär. Tehnologiýa
ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Tebigy
gazdan ýokary hilli benzin öndürmegiň fiziki we himiki mehanizmleri hem-de
tehnologiýasy beýan edilýär. Bu usulda benziniň çykymy 20% ýokarlanýar we
goşmaça önümleriň çykymy azalýar. Izoparafinleriň paýyny köpeltmek we olefinleriň
paýyny azaltmak bilen önümiň hili ýokarlanýar hem-de ekologiýa taýdan arassa
benzin alynýar.
Türkmenistanyň çäginde «ýaşyl» wodorodyň önümçiliginiň işlenilip
taýýarlanylan synag taslamasy teklip edilýär. «Ýaşyl» wodorodyň önümçiligi üçin
zerur bolan elektrik energiýasy fotoelektrik gün stansiýasynyň hasabyna
öndürilýär. Bu işde elektrik energiýasynyň çeşmesi hasap edilýän, işe girizilen kuwwatlylygy 100 MWt-a deň bolan fotoelektrik
gün stansiýasyndan, wodorody almagyň ulgamy hökmünde ulanylýan,
kuwwatlylygy 50 MWt-a deň bolan elektrolizerden we suwy süýjediji ulgam bolan, öndürijiligi bir gije-gündizde 80 tonna deň bolan ters osmos desgasyndan ybarat bolan obýektiň modelirlenmesi amala aşyrylýar.
Häzirki
wagtda ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige
ukyply täze maddalary sintezlemek, import edilýän harytlaryň ornuny tutmak
döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Bu ylmy işde hem, adyndan belli bolşy ýaly,
ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda gidrazin sulfatyny sintezlemegiň
mümkinçiligi öwrenildi. Gidrazin sulfaty adaty bolmadyk lukmançylyk ylmynda
howply täze döreme keselini bejermekde (Unconventional therapies for cancer:
Hydrazine sulfate, Hydrazine and hydrazine sulfate) we himiýa ylmynda düzüminde
1,3,4-oksadiazol halkasyny saklaýan ýokary temperatura durnukly polimerleriň sintezinde
ulanylýar. 1,3,4-oksadiazol halkasynyň wodorod atomyny saklamaýandygy we izomeriniň
ýoklugy, gurluşynyň simmetrik bolmagy sebäpli poli (1,3,4-oksadiazol) polimeri
howada gyzdyrylanda durnuklylygy beýleki polimerleriňkiden ýokarydyr.
Giriş. Ýolyşygyň
işini amatlaşdyrmak dykynlary ýok etmek üçin has netijeli çäreleriň biri hasaplanýar.
Şeýle-de bolsa, ulag akymlarynyň tötänleýinligi, çylşyrymlylygy we durnuksyzlygy
sebäpli ýolyşygyň duýdurma wagtlaryny amatlaşdyrmak çylşyrymly meseledir. Şol ýagdaýlarda,
esasan hem, ulaglaryň depginliligi ýokary halatynda çatryklary dolandyrmak üçin
anyk däl logikanyň ulanylmagy örän amatly bolup durýar.Ylmy-barlagyň maksady. Bu
iş ýol ulag infrastrukturasynyň obýektlerindäki intellektual ulgamlaryň karar bermek
işini amatlaşdyrmak üçin iki tapgyrly anyk däl modeliň işlenilip taýýarlanylmagyna
gönükdirilendir.
Ylmy-barlagyň
usuly. Bu modeli işläp taýýarlamak üçin MATLAB paketinde bar bolan anyk däl logikanyň
guraly we Takagi-Sugeno usuly ulanyldy. Ýolyşyk obýekti üçin işlenilip düzülen
dolandyryş modeli iki tapgyrdan ybarat bolup, olar anyk däl karar çykaryş we
zerur faza geçmek üçin karar bermek prosesidir. Anyk däl modeli işläp düzmegiň
ilkinji tapgyrynda, Sugeno algoritmini ulanyp, anyk däl netije çykaryş ulgamyny
döretmeli. Bu tapgyrda giriş üýtgemelerine baglylykda T-görnüşli çatrygyň üç
fazasynyň hersiniň aýratynlykda dowamlylygy kesgitlenýär. Ikinji tapgyrda belli
bolan üç fazadan iň uly wagty kesgitleýär we yzygiderlilikde galan iki fazadan
hem iň uly wagt kesgitlenilýär. Kesgitli wagt (duýdurma wagty) tamamlanandan
soň ulgam degişli indiki faza geçýär we bu proses gaýtalanýar.
Netije. Ylmy-barlag
iki tapgyrly model ulanylanda, ulaglaryň sanyna baglylykda fazanyň wagtynyň
5,2% azalandygyny görkezdi. Işlenilip düzülen iki tapgyrly model lingwistik
üýtgeýjilere baglylykda iň zerur fazany kesgitlemäge mümkinçilik berip, durnuksyz
ulag akymly ýol hereketiniň dolandyrylyşy amatlylaşdyrylanda ulanylyp bilner.
Jemleme. Ylmy-barlagyň
netijeleri dügünleşdirilýän çatryklarda ýol hereketini dolandyrmak üçin
niýetlenilendir. Ylmy-barlagyň netijeleri, ýolyşyk obýekti taslanylanda
ulanylyp bilner.
Ýetginjeklik
döwrüniň başlanýan wagty hem-de onuň dowamlylygy daşky gurşawa, ýaşaýyş-durmuş
şertlerine baglydyr. Ýetginjeklik döwri adamynyň fiziologiýa taýdan çylşyrymly
döwri bolup, bedende bolup geçýän köp aspektleri öz içine alýar, çaganyň
psihiki we fiziki işjeň ösüşi, jyns taýdan ýetişmeklik, uly adamyň şahsyýeti
emele gelýär.
Işiň
maksady. Ýetginjekleriň hronotipini kesgitlemek we NAT-II-niň işjeňliginiň
hronotip bilen baglylygyny anyklamak.
Işiň
materiallary we usullary. Sagdyn hasap edilýän 701 sany Aşgabat şäheriniň
mekdepleriniň uly synplarynyň okuwçylarynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň (354 (50,4%) sany gyz, 347
(49,6%) oglan) Horn-Ostbergiň soragnamasynyň esasynda «serçeler», «kepderiler»
hem-de «hüwüler» hronotipine degişli edildi. Şeýle-de NAT-II-niň aktiwligini
anyklamak bilen olar çalt hem-de haýal asetilýatorlara bölündi.
Barlagyň
netijeleri: ýetginjeklik döwründe adamyň hronotipi ýaşa bagly üýtgäp durýar we
şuňa baglylykda durmuşa uýgunlaşmak häsiýetleriniň hem üýtgeýändigini bellemek bolar.
Metaboliki ulgamlaryň, esasan hem, N-asetiltransferazanyň işjeňligine adamyň bioritmine
baglylygyny göz öňünde tutup, ýetginjeklerde metabolik ulgamlaryň üýtgeşmelerini
barlamagy öňümizde maksat edindik.
Netije.
Ýetginjeklerde hronotipleriniň üýtgemegi bilen metabolik ulgamlaryň
aktiwliginiň biri-biri bilen baglydygyny biziň barlaglarymyz NAT-II mysalynda
görkezýändir.
Ylmy makala
pediatriýa ulgamynda we çaga hirurgiýasynda köp duş gelýän, abdominal agyrly
sindromlarynyň sebäplerini seljermekde käbir anyklaýyş tapawutlandyryş
anyklanylmasyny öwrenmäge bagyşlanan. Seýlelikde, abdominalgiýanyň
alamatlarynyň dürli kesellerde duş gelýänligi subut edilýär. Bu çagalary
gaýragoýulmasyz ýagdaýda hassahana ýerleşdirmek, diňe anyklanylan hirurgiki
keselleri bilen düşen näsaglarda däl-de, eýsem oňa çaklanan ýagdaýda, has hem 5
ýaşdan kiçi bolan çagalarda hökman diýlip ündelýär.