Anyk däl logikanyň esasynda şäher ýol ulag infrastrukturasynyň dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilişi
Doly tekst
Gysgaça beýany
Giriş. Ýolyşygyň
işini amatlaşdyrmak dykynlary ýok etmek üçin has netijeli çäreleriň biri hasaplanýar.
Şeýle-de bolsa, ulag akymlarynyň tötänleýinligi, çylşyrymlylygy we durnuksyzlygy
sebäpli ýolyşygyň duýdurma wagtlaryny amatlaşdyrmak çylşyrymly meseledir. Şol ýagdaýlarda,
esasan hem, ulaglaryň depginliligi ýokary halatynda çatryklary dolandyrmak üçin
anyk däl logikanyň ulanylmagy örän amatly bolup durýar.Ylmy-barlagyň maksady. Bu
iş ýol ulag infrastrukturasynyň obýektlerindäki intellektual ulgamlaryň karar bermek
işini amatlaşdyrmak üçin iki tapgyrly anyk däl modeliň işlenilip taýýarlanylmagyna
gönükdirilendir.
Ylmy-barlagyň
usuly. Bu modeli işläp taýýarlamak üçin MATLAB paketinde bar bolan anyk däl logikanyň
guraly we Takagi-Sugeno usuly ulanyldy. Ýolyşyk obýekti üçin işlenilip düzülen
dolandyryş modeli iki tapgyrdan ybarat bolup, olar anyk däl karar çykaryş we
zerur faza geçmek üçin karar bermek prosesidir. Anyk däl modeli işläp düzmegiň
ilkinji tapgyrynda, Sugeno algoritmini ulanyp, anyk däl netije çykaryş ulgamyny
döretmeli. Bu tapgyrda giriş üýtgemelerine baglylykda T-görnüşli çatrygyň üç
fazasynyň hersiniň aýratynlykda dowamlylygy kesgitlenýär. Ikinji tapgyrda belli
bolan üç fazadan iň uly wagty kesgitleýär we yzygiderlilikde galan iki fazadan
hem iň uly wagt kesgitlenilýär. Kesgitli wagt (duýdurma wagty) tamamlanandan
soň ulgam degişli indiki faza geçýär we bu proses gaýtalanýar.
Netije. Ylmy-barlag
iki tapgyrly model ulanylanda, ulaglaryň sanyna baglylykda fazanyň wagtynyň
5,2% azalandygyny görkezdi. Işlenilip düzülen iki tapgyrly model lingwistik
üýtgeýjilere baglylykda iň zerur fazany kesgitlemäge mümkinçilik berip, durnuksyz
ulag akymly ýol hereketiniň dolandyrylyşy amatlylaşdyrylanda ulanylyp bilner.
Jemleme. Ylmy-barlagyň
netijeleri dügünleşdirilýän çatryklarda ýol hereketini dolandyrmak üçin
niýetlenilendir. Ylmy-barlagyň netijeleri, ýolyşyk obýekti taslanylanda
ulanylyp bilner.
Esasy sözler
Anyk däl logika, anyk däl netije çykaryş ulgamy, anyk däl dolandyryş modeli, ulag akymlary, ýol hereketini düzgünleşdirmek, Takagi-Sugeno usuly.Awtor barada
Berdimyrat GeldiýewTürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
Turkmenistan
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýokary matematika» kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty
Röwşen Hydyrow
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
Turkmenistan
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy
Lesýa Golowaskaýa
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Turkmenistan
F.M. Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň Ylym-barlag we sanlaşdyrma bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty, dosent, «Matematika we tebigy ylymlar dersleri» kafedrasynyň professory
Edebiýatlar
1. Alam J.
Pandey MK (2015) Design and Analysis of a Two Stage Traffc Light System Using
Fuzzy Logic. J Inform Tech Softw Eng 5: 162. doi:10.4172/2165-7866.1000162.
2. Balta
M.; Ozcelik I. (2020). A 3-stage fuzzy-decision tree model for traffic signal
optimization in urban city via a SDN based VANET architecture. Future
Generation Computer Systems-The International Journal of Escience, 104,
158-142.
3. Erdinç
G.; Colombaroni C.; Fusco G. Two-Stage Fuzzy Traffic Congestion Detector.
Future Transp. 2023, 3, 840–857. https://doi.org/10.3390/futuretransp3030047.
4. Erwan
Eko Prasetiyo, Oyas Wahyunggoro, Selo Sulistyo. Design and Simulation of
Adaptive Traffic Light Controller Using Fuzzy Logic Control Sugeno Method.
International Journal of Scientific and Research Publications, Volume 5, Issue
4, April 2015.
5. Taha
Mahmood, Muzamil Eltejani Mohammed Ali, Akif Durdu «A two Stage Fuzzy Logic
Adaptive Traffic Signal Control for an Isolated Intersection Based on Real Data
using SUMO Simulator» Published in International Journal of Trend in Scientific
Research and Development (ijtsrd), ISSN: 2456-6470, Volume-3, Issue-4, June
2019, URL: https://www.ijtsrd.com/papers/ijtsrd23873.pdf.
6. Yan Ge A.
Two-Stage Fuzzy Logic Control Method of Traffic Signal Based on Traffic Urgency
Degree. Modelling and Simulation in Engineering Volume 2014, Article ID 694185,
6 pages http://dx.doi.org/10.1155/2014/694185.
7. Zadeh
L.A. Fuzzy algorithm // Information and Control. 1968. V. 12. N 2. P. 94–102.
doi:10.1016/s0019-9958(68)90211-8.
8. Zadeh
L.A. Fuzzy sets // Information and Control. 1965. V. 8. N 3. P. 338–353.
doi:10.1016/s0019-9958(65)90241-x.
9. Zadeh
L.A. Outline of a new approach to the analysis of complex systems and decision
processes // IEEE Transactions on Systems, Man, and Cybernetics. 1973. V. SMC-3.
N 1. P. 28–44. doi:10.1109/tsmc.1973.5408575.
10. Zadeh
L.A. Similarity relations and fuzzy orderings // Information Science. 1971. V.
3. N 2. P. 177–200. doi:10.1016/s0020-0255(71)80005-1.
11. Zadeh
L.A. The concept of a linguistic variable and its application to approximate
reasoning - I // Information Sciences. 1975. V. 8. N 3. P.
199–249. doi:10.1016/0020-0255(75)90036-5.
12. Стжелецки Р., Демидова Г.Л., Лукичев Д.В., Поляков Н.А.,
Абдуллин А.А., Ловлин С.Ю. Алгоритмы управления электромеханическими объектами с
использованием регуляторов на основе нечеткой логики // Научно-технический
вестник информационных технологий, механики и оптики. Т. 19. № 1. 2019. С.
1–14. doi: 10.17586/2226-1494-2019-19-1-1-14.
13. Титов А.И., Хомоненко А.Д. Выбор программного обеспечения
с помощью алгоритма Такаги–Сугено на примере систем управления проектами,
Научно-технические ведомости СПбГПУ. Информатика. Телекоммуникации. Управление.
Выпуск 1, 2016. С. 41–52.