Ýetginjekleriň saglygyna baha bermekde bioritmologik aýratynlyklaryň we metabolik ulgamlaryň orny
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Ýetginjeklik döwrüniň başlanýan wagty hem-de onuň dowamlylygy daşky gurşawa, ýaşaýyş-durmuş şertlerine baglydyr. Ýetginjeklik döwri adamynyň fiziologiýa taýdan çylşyrymly döwri bolup, bedende bolup geçýän köp aspektleri öz içine alýar, çaganyň psihiki we fiziki işjeň ösüşi, jyns taýdan ýetişmeklik, uly adamyň şahsyýeti emele gelýär.

Işiň maksady. Ýetginjekleriň hronotipini kesgitlemek we NAT-II-niň işjeňliginiň hronotip bilen baglylygyny anyklamak.

Işiň materiallary we usullary. Sagdyn hasap edilýän 701 sany Aşgabat şäheriniň mekdepleriniň uly synplarynyň okuwçylarynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň (354 (50,4%) sany gyz, 347 (49,6%) oglan) Horn-Ostbergiň soragnamasynyň esasynda «serçeler», «kepderiler» hem-de «hüwüler» hronotipine degişli edildi. Şeýle-de NAT-II-niň aktiwligini anyklamak bilen olar çalt hem-de haýal asetilýatorlara bölündi.

Barlagyň netijeleri: ýetginjeklik döwründe adamyň hronotipi ýaşa bagly üýtgäp durýar we şuňa baglylykda durmuşa uýgunlaşmak häsiýetleriniň hem üýtgeýändigini bellemek bolar. Metaboliki ulgamlaryň, esasan hem, N-asetiltransferazanyň işjeňligine adamyň bioritmine baglylygyny göz öňünde tutup, ýetginjeklerde metabolik ulgamlaryň üýtgeşmelerini barlamagy öňümizde maksat edindik.

Netije. Ýetginjeklerde hronotipleriniň üýtgemegi bilen metabolik ulgamlaryň aktiwliginiň biri-biri bilen baglydygyny biziň barlaglarymyz NAT-II mysalynda görkezýändir.

Esasy sözler
Ýetginjeklik döwri, N-asetilirleýji ulgam, hronotip, «serçeler», «kepderiler», «hüwüler», NAT-II.
Awtor barada
Muhammetguly Atagaraýew

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Farmakologiýa” kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty


Taganmyrat Hojageldiýew

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Farmakologiýa” kafedrasynyň professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory


Gülnara Saparmämmedowa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Farmakologiýa” kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty


Gülnar Myratgeldiýewa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty


Bahar Araşewa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Farmakologiýa” kafedrasynyň uly mugallymy


Edebiýatlar

1. Аверьянов А.П., Болотова И.В. и др. // Лечащий врач. №2, – 2010.– – С.13-15.

2. Лакин К.М., Крылов Ю.Ф. Биотрансформация лекарственных веществ. – М., 1981.

3. Харрисон Т.Р. Внутренние болезни. – Т.1. – М., 2005.

4. Целых Е.Д. Эколого-физиологическая характеристика особенностей адаптивных реакций структурно-функционального статуса организма подростков различных этнических групп. Автореферат дисс. на соиск. уч. ст. докт. наук. – Спб., 2009.