Ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda gidrazin sulfatyny sintezlemegiň mümkinçilikleri
Doly tekst
Gysgaça beýany
Häzirki
wagtda ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige
ukyply täze maddalary sintezlemek, import edilýän harytlaryň ornuny tutmak
döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Bu ylmy işde hem, adyndan belli bolşy ýaly,
ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda gidrazin sulfatyny sintezlemegiň
mümkinçiligi öwrenildi. Gidrazin sulfaty adaty bolmadyk lukmançylyk ylmynda
howply täze döreme keselini bejermekde (Unconventional therapies for cancer:
Hydrazine sulfate, Hydrazine and hydrazine sulfate) we himiýa ylmynda düzüminde
1,3,4-oksadiazol halkasyny saklaýan ýokary temperatura durnukly polimerleriň sintezinde
ulanylýar. 1,3,4-oksadiazol halkasynyň wodorod atomyny saklamaýandygy we izomeriniň
ýoklugy, gurluşynyň simmetrik bolmagy sebäpli poli (1,3,4-oksadiazol) polimeri
howada gyzdyrylanda durnuklylygy beýleki polimerleriňkiden ýokarydyr.
Esasy sözler
Gidrazin, gidrazin sulfaty, moçewina, natriniň gipohloridi.Awtor barada
Perhat SoltanmyradowTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy
Turkmenistan
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň Ösümlikleriň melhemlik täsirini öwreniş barlaghanasynyň ylmy işgäri
Edebiýatlar
1. Patent
CN112047312A. Preparation method of hydrazine sulfate.
2. Patent
US2682446A. Process for making hydrazine sulfate.
3. Patent
US3265602A. Method of producing hydrazine.