Bu makalada maýyşgak gapdaky şepbeşik gysylmaýan, konweksiýaly suwuklygyň erkin yrgyldylarynyň synag-derňew işleri alnyp baryldy. Degişli spektral meseläniň hususy bahalarynyň strukturasy, olaryň ýerleşişi we operatorlar dessesiniň hususy wektorlarynyň dolulygy hem-de minimallygy baradaky teoremalar subut edildi.
Bu makala dürli tebigatly garyndylary özünde saklaýan suwy arassalamagyň belli usullarynyň deňeşdirme seljermesine we baha bermäge bagyşlanýar. Makalada tehniki, ykdysady we tehnologik nukdaýnazardan iň oňaýly usulyň ters osmoz baromembran usulydygy görkezilýär. Osmoz hadysasy we onuň taryhy barada maglumatlar berilýär.
Bu makalada derýalaryň, deňziň, kölleriň dürli çeşmeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň zeýakaba şor suwlaryny arassalanmagyň meselelerine seredilýär we bu tehnologiýany biziň ýurdumyzda ulanmagyň ähmiýeti görkezilýär.
Uzynlygy L bolan gaz geçiriji turbanyň birnäçe (n) nokadyndan gazyň çykmasynyň (ýitgisiniň) turbanyň uzaboýuna basyşynyň üýtgemegine edýän täsiri derňeldi. Garalýan meseläniň matematiki modeli ýazyldy we onuň san çözüwlerini tapmak üçin anyk däl tapawut shemasyndan peýdalanylyp, sürme usuly ulanyldy hem-de MATLAB ulgamynda programmalar toplumy düzüldi.
Makalada mehaniki-himiki özgermelerde geterokompozit ulgamlarda gurluş taýdan emele gelmäniň derňewiniň netijeleri beýan edilýär. Gaz-himiýa senagatynyň düzüminde uglerod saklaýan galyndylary tarapyndan özgerdilen bölejikleriň mehaniki täsiriniň we işjeňleşdirmesiniň netijesinde bölejikleriň hereket mehanizmi öwrenildi. Geterokompozitleriň talap edilýän mehaniki häsiýetlerini açyk-aýdyň etmek üçin olaryň utgaşyklylygyny we gurluş taýdan emele gelşini üpjün etmegiň şertleri öwrenildi. Bu şertler fazaara adgeziýanyň öllenijiliginiň we dolduryjy-birleşdiriji fazalaryň bölekleriniň arasynda güýjenmäniň endigan ýaýramagynyň netijesinde üpjün edilýär. Gatlakly dolduryjynyň mehaniki taýdan işjeňleşdirilmeginiň dolduryjynyň aglomeratizasiýasyny bozýandygy, bölejikleriň mehaniki taýdan işjeňleşdirmäniň netijesinde eýýäm emele gelen položitel we otrisatel zarýadly koalin bölejiklerinde paýlanylyşynyň has deňölçegli bolýandygy ýüze çykarylandyr, položitel we otrisatel zarýadly koalin bölejikleri prosese himiki özgerdiji hökmünde täsir edýän pirogalyndynyň özgerdiji plastifikatory bilen kowalent Wan-der-Waals baglanyşygyny emele getirýär.
Makalada gowaçanyň täze sortlaryny döretmekde hem-de onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda genetikanyň we seleksiýanyň ähmiýeti barada aýdylyp geçilýär, şeýle-de genetikanyň usullary bilen amaly seleksiýa utgaşdyrylyp döredilen sortlar hem-de durnukly sortlary döretmekde başlangyç sortlaryň ähmiýeti barada nygtalýar. Häzirki wagtda giňişleýin ekilýän gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-39” sortunyň gelip çykyşy we önümçilikde giňişleýin ekilişi beýan edilýär.
Makalada gadymy türkmen topragynda ösýän 118 sany ýabany ösümlik görnüşlerine seljerme berilýär. Bu görnüşleriň arasynda köp bölegini otjumak ösümlikler (103) tutýar. Olardan 99 görnüşi milli halk lukmançylygynda ulanylýar. Ylmy-barlaglaryň netijesinde kitapda Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň 8 görnüşiniň iç sürüji, umumy berkidiji, wiruslaryň garşysyna, antibakterial, kömelekleriň garşysyna, immunomodulirleýji, antioksidant täsirleri ýüze çykarylan.
Dürli kysymly ýokary hilli bitumy almak prosesiniň ýokary şepbeşikli başlangyç çig malyň bar bolmagyna berk baglylygy aradan aýyrmak üçin hem-de başlangyç çig malyň düzümine garamazdan, alynýan galyndy bitumyň komponentleriniň amatly gatnaşygyny gazanmak üçin olaryň hil görkezijilerini çeýe dolandyrmak maksady bilen, inert gazynyň gurşawynda atmosfera basyşynda başlangyç çig malyň uglewodorodlaryny bölüp aýyrmak mümkinçilikleri peýdalanyldy. Şunlukda, başlangyç çig maldan uglewodorodlaryň bölünip aýryldygy saýyn, olaryň düzümindäki şepbikleriň we asfaltenleriň paýy artýar.
Howanyň üýtgemeginiň we senagatyň daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýetirýän zyýanyny, şeýle-de daşky gurşawa taşlandylaryň möçberini azaltmak boýunça işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar. Gün we ýel energiýa çeşmelerini ulanmagyň esasynda energiýa öndürýän ekologiýa taýdan arassa desgalaryň döredilmegi wodorod energetikasyny ösdürmek ugrunyň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu gün Türkmenistanda wodorod energiýasyny öndürijileri hem-de ony gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini ösdürmek wajypdyr. Esasy maksat alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyrmak esasynda ikilenç suw serişdelerinden wodorody almakdan ybarat. Tehnologiýalar merkezi «ýaşyl wodorody» almak boýunça 2 ugurda işleýär: gaýtadan işlemek bilen biröýjükli suwotulary ösdürip ýetişdirmegiň üsti bilen wodorody almak, şeýle-de ýel turbinalarynda öndürilýän hemişelik energiýany ulanmak arkaly dializ usuly bilen wodorody öndürmek.
Ylmy iş Türkmenistanyň çäginde ösýän göýül dermanlyk ösümliginiň morfologik bölekleriniň barlagyny geçirmek bilen baglanyşykly alnan netijeleri özünde jemleýär. Ylmy işiň dowamynda göýüliň morfologiki bölekleriniň element düzüminiň barlagy, tohumyndan alnan ýagyň gaz-hromatografiýa barlagy hem-de miwesiniň we köküniň ÝaMR-spektroskopiýa barlagy geçirildi.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň (AATK) we onuň zeýakaba ulgamynyň ugrunda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna dolandyrylýan energiýa we suw tygşytlaýjy galyndysyz melioratiw toplum ylmy esasda işlenilip düzüldi we onuň tehnologik düzüminiň hem-de ony utgaşykly dolandyrmagyň tehnologik iş düzgüniniň täze çözgütlere esaslanýan täzeligini we ilkinjiligini kepillendirýän 902-nji belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 8-ine alyndy. Bu ylmy iş 2017-2021-nji ýyllar aralygynda TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde Döwlet Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp baryldy.
AATK-niň hem-de onuň zeýakaba ulgamynyň ugrunda Garagumuň çöl şertlerinde ekerançylyk meýdanlaryny döretmek üçin peýdalanmak maksady bilen alnyp barlan ylmy barlaglarda şeýle wajyp meseläniň alternatiw çözgüdiniň birine seredilýär, ýagny energiýanyň gaýtadan dikelgilýän çeşmeleriniň (Günüň, ýeliň, suwuň, biogazlaryň energiýalarynyň) hasabyna dolandyrylýan energiýa we suw tygşytlaýjy täze melioratiw toplum ylmy esasda işlenilip düzüldi.
Şeýle alternatiw melioratiw toplumyň düzümine: oba hojalyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýada işleýän suwaryş ulgamy (kämilleşdirilip işlenip düzülýän damjalaýyn we emeli ýagyş ýagdyrmak usullary) we toplumda peýdalanylýan suwy hem-de elektrik energiýasyny tygşytly we rejeli ulanmak üçin ekerançylykda suwaryşy awtomatlaşdyryjy ulgamy, toplumda özara tehnologik arabaglanyşygy bolan elektrik energiýasyny öndüriji desgalar ulgamy (elektrik energiýasyny öndüriji beket), toplumda ekerançylykda peýdalanmak üçin zeýakaba şor suwlary duzsuzlandyryjylar (elektrodializ, ters osmos membrana usullarynda, şeýle-de Gün tehnologiýasynda akaba şor suwlaryny duzlardan arassalaýan ulgam), ýaşaýyş jaýy bilen utgaşdyrylan (çatylan) Gün ýyladyşhanasy, topluma gerek biogazy hem-de biodöküni öndüriji Gün biogaz tehnologik desgasy, gün desgalarynda peýdalanmak üçin gün şöhlesiniň ýylylyk energiýasyny toplap saklaýjy «Gün howzy» hem-de beýleki kömekçi desgalar girýärler.
Bu melioratiw toplumyň tehnologik iş shemasyna girýän, ýokarda sanalyp geçilen onuň düzüm bölekleri, ýagny topluma girýän dürli gün desgalary we olaryň utgaşykly energiýa tygşytlaýjy iş düzgünleri ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirildi we häzirki wagtda olara degişli birnäçe patentler (Gün biogaz desgasy, Gün suw süýjediji desga, Gün ýyladyşhanasy atlary bilen) alyndy. Bu ekologiýa taýdan galyndysyz melioratiw toplumda hiç hili adaty energiýa çeşmelerinden peýdalanylmaýar.