Energiýanyň alternatiw çeşmelerini utgaşdyrmagyň esasynda ikilenç suw serişdelerinden wodorody öndürmek
Doly tekst
Gysgaça beýany

Howanyň üýtgemeginiň we senagatyň daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýetirýän zyýanyny, şeýle-de daşky gurşawa taşlandylaryň möçberini azaltmak boýunça işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar. Gün we ýel energiýa çeşmelerini ulanmagyň esasynda energiýa öndürýän ekologiýa taýdan arassa desgalaryň döredilmegi wodorod energetikasyny ösdürmek ugrunyň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu gün Türkmenistanda wodorod energiýasyny öndürijileri hem-de ony gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini ösdürmek wajypdyr. Esasy maksat alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyrmak esasynda ikilenç suw serişdelerinden wodorody almakdan ybarat. Tehnologiýalar merkezi «ýaşyl wodorody» almak boýunça 2 ugurda işleýär: gaýtadan işlemek bilen biröýjükli suwotulary ösdürip ýetişdirmegiň üsti bilen wodorody almak, şeýle-de ýel turbinalarynda öndürilýän hemişelik energiýany ulanmak arkaly dializ usuly bilen wodorody öndürmek.

Esasy sözler
Ýaşyl energetika, Günüň we ýeliň energiýasy, wodorod, ikilenç suw serişdeleri, biröýjükli suwotular, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, parnik gazlarynyň taşlandylary, “Altyn Asyr” Türkmen köli.
Awtor barada
Meretmuhammet Begenjowiç Hudaýberdiýew

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-Tehnologiýa parky

Turkmenistan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň barlaghanasynyň müdiri


Nasiba Rustamowna Çarykulyýewa

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-Tehnologiýa parky

Turkmenistan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň ylmy işgäri


Edebiýatlar

1. Hudaýberdiýew M.B., Muhammedow H., Rahyýew D.B. Obasenagat toplumynda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň innowasiýa tehnologiýasy. // Türkmenistanda ylym we tehnika №6, 2018, 74-80 sah.

2. Hudaýberdiýew M.B., Muhammedow H. Ösümlik galyndylaryndan biologik döküni öndürmegiň tehnologiýasy we onuň netijeliligi. // Täze oba. №9, 2015, 22-23 sah.

3. Hudaýberdiýew M.B. «Suwy arassalamak, onuň düzümini baýlaşdyrmak we tebigy ýagdaýyny dikeltmek üçin niýetlenilen desga» atly №577 oýlap tapyşyň patenti, 2013, 8 sah.

4. Nazarmämmedow Ö. Zeýkeş suwlaryny biogen maddalardan we agyr metallardan arassalamakda ýokary suw ösümlikleriniň ähmiýeti. // Türkmenistanda ylym we tehnika. №4, 2008, 32-41 sah.

5. Dobrowolskiý G.W., Nikitin E.D. Topragyň ekologiýasy. – Aşgabat: Ylym, 2006, 362 sah.

6. Saparow O., Gurbandurdyýew G. Türkmenistanyň suwlarynyň we topraklarynyň ekologiýasy.-A., 2000, 48 s.

7. Raboçew I.S. Oba hojalygynda minerallaşan suwlaryň ulanylyşy. // Aşgabat: Ylym, 1984, 182 s.

8. Kogan I.I. Türkmenistan SSR-niň suw howdanlarynyň suwotulary: biol.ylyml. dokt. diss.// Aşgabat, 1963, 356 s.

9. Hudaýberdiýew M.B. «Gelio-ýel desgasy» atly №463 oýlap tapyşyň patenti, 2011, 8 s.