Alternatiw ekerançylyk üçin geliotehnologiýalara esaslanýan toplum
Doly tekst
Gysgaça beýany
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň (AATK) we onuň zeýakaba ulgamynyň ugrunda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna dolandyrylýan energiýa we suw tygşytlaýjy galyndysyz melioratiw toplum ylmy esasda işlenilip düzüldi we onuň tehnologik düzüminiň hem-de ony utgaşykly dolandyrmagyň tehnologik iş düzgüniniň täze çözgütlere esaslanýan täzeligini we ilkinjiligini kepillendirýän 902-nji belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 8-ine alyndy. Bu ylmy iş 2017-2021-nji ýyllar aralygynda TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde Döwlet Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp baryldy.
AATK-niň hem-de onuň zeýakaba ulgamynyň ugrunda Garagumuň çöl şertlerinde ekerançylyk meýdanlaryny döretmek üçin peýdalanmak maksady bilen alnyp barlan ylmy barlaglarda şeýle wajyp meseläniň alternatiw çözgüdiniň birine seredilýär, ýagny energiýanyň gaýtadan dikelgilýän çeşmeleriniň (Günüň, ýeliň, suwuň, biogazlaryň energiýalarynyň) hasabyna dolandyrylýan energiýa we suw tygşytlaýjy täze melioratiw toplum ylmy esasda işlenilip düzüldi.
Şeýle alternatiw melioratiw toplumyň düzümine: oba hojalyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýada işleýän suwaryş ulgamy (kämilleşdirilip işlenip düzülýän damjalaýyn we emeli ýagyş ýagdyrmak usullary) we toplumda peýdalanylýan suwy hem-de elektrik energiýasyny tygşytly we rejeli ulanmak üçin ekerançylykda suwaryşy awtomatlaşdyryjy ulgamy, toplumda özara tehnologik arabaglanyşygy bolan elektrik energiýasyny öndüriji desgalar ulgamy (elektrik energiýasyny öndüriji beket), toplumda ekerançylykda peýdalanmak üçin zeýakaba şor suwlary duzsuzlandyryjylar (elektrodializ, ters osmos membrana usullarynda, şeýle-de Gün tehnologiýasynda akaba şor suwlaryny duzlardan arassalaýan ulgam), ýaşaýyş jaýy bilen utgaşdyrylan (çatylan) Gün ýyladyşhanasy, topluma gerek biogazy hem-de biodöküni öndüriji Gün biogaz tehnologik desgasy, gün desgalarynda peýdalanmak üçin gün şöhlesiniň ýylylyk energiýasyny toplap saklaýjy «Gün howzy» hem-de beýleki kömekçi desgalar girýärler.
Bu melioratiw toplumyň tehnologik iş shemasyna girýän, ýokarda sanalyp geçilen onuň düzüm bölekleri, ýagny topluma girýän dürli gün desgalary we olaryň utgaşykly energiýa tygşytlaýjy iş düzgünleri ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirildi we häzirki wagtda olara degişli birnäçe patentler (Gün biogaz desgasy, Gün suw süýjediji desga, Gün ýyladyşhanasy atlary bilen) alyndy. Bu ekologiýa taýdan galyndysyz melioratiw toplumda hiç hili adaty energiýa çeşmelerinden peýdalanylmaýar.
Esasy sözler
Melioratiw toplum, biogaz, gün batareýleri, elektrodializ, ters osmos, biodökün, bioreaktor, gazgolder, substrat, termogen bakteriýalar, bioýylylyk, termobiohimiki.Awtor barada
Meretdurdy Aşyrowiç GurbanýazowTürkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-Tehnologiýa parky
Turkmenistan
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri
Edebiýatlar
1. «Altyn asyr» Türkmen köli. –Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.
2. Gurbanýazow M.A. Energiýa we suw tygşytlaýjy awtonom melioratiw toplum. Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary. – Aşgabat: Ylym, 2020, IV goýberiliş, 117-120 sah.
3. Gurbanýazow M.A., Durdakow A.J. Akaba şor suwunyň akymyny elektrik energiýasyny öndürmekde peýdalanmak.//“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym,tehnika we innowasion tehnologiýalar”atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany. Aşgabat: Ylym, 2013.
4. Gurbanýazow M.A., Mocalow W.N. Kiçi awtonom ulanyjylaryň ygtybarly elektrik üpjünçiligi üçin ýel- gün toplumy.//“Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri” atly halkara ylmy maslahatyň, nutuklarynyň gysgaça beýany. Aşgabat, 2010.
5. Gurbanýazow M.A. Biogaz desgasy. Patent çözgüdi berildi - 23.03.2018. (№17/101461. 13.02.2017ý.).
6. Gurbanýazow M.A., Akmämmedow A.M. Oba ýerlerinde saklanylýan mallaryň derslerini gaýtadan galyndysyz işlemäge niýetlenilen gün biogaz desgasy. // Türkmenistanda ylym we tehnika. № 3, 2015, 75-79 sah.
7. Gurbanýazow M.A. Технология производства биогаза в условиях пустыни. //Проблемы освоения пустынь № 3-4, 2016, 74-76 стр.
8. Gurbanýazow M.A., Akmämmedow A.M. Ekologiýa taýdan örän arassa gaz görnüşli ýokary potensially alternatiw energiýa çeşmesi. // “Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk Beýik Galkynyş zamanasynda” atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany. Aşgabat, 2010.
9. Gurbanýazow M.A., Nowruzhanow A.R. Akaba şor suwlaryny süýjediji awtonom energiýa üpjünçilikli synag elektrodializ desgasynyň tejribe barlaglarynyň derňewi.// Türkmenistanda ylym we tehnika. № 6, 2013, 83-89 sah.
10. Gurbanýazow M.A., Nowruzhanow A.R. Aýlawly iş düzgüninde işleýän suw süýjediji elektrodializ desgasynyň gurluşy we onuň ylmy amaly barlaglary.//Türkmenistanda ylym we tehnika. № 3, 2014, 83-87 sah.
11. Gurbanýazow M.A., Nowruzhanow A.R. Altyn asyr Türkmen kölüniň zeýakaba suwlaryny önümçilik üçin duzsuzlandyrmagyň barlaglary. //Türkmenistanda ylym we tehnika. № 4, 2017, 69-75 sah.
12. Gurbanýazow M.A., Nowruzhanow A.R. Ekerançylykda ulanmak üçin zeýakaba şor suwlaryny ters osmos usulynda duzsuzlandyrmagyň ylmy barlaglary. //Türkmenistanda ylym we tehnika. № 2, 2017, 85-87 sah.
13. Gurbanýazow M.A., Nowruzhanow A.R. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akaba şor suwlaryny duzsuzlandyrmakda alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmak. //Türkmenistanda ylym we tehnika. № 4, 2016, 85-89 sah.
14. Gurbanýazow M.A., Akmämmedow A.M. Biogaz öndüriji desganyň işjeňligini ýokarlandyrmak. Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary. V goýberiliş (ylmy işleriň ýygyndysy).– Aşgabat: Ylym, 2021, 116-124 sah.
15. Gurbanýazow M.A., Çopanow M. Günüň kömegi bilen biogaz almagyň tehnologiýasynda ýokary hilli organiki dökün almagyň ylmy barlaglary. //“Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri” atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany. Aşgabat, 2010.
16. Gurbanýazow M.A., N.K.Amankulyýew. Gün ýyladyşhanalarynyň ýylylyk üpjünçiligi. Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary. IV goýberiliş (ylmy işleriň ýygyndysy). – Aşgabat: Ylym, 2020, 120-126 sah.
17. Gurbanýazow M.A. Gün ýyladyşhanasy. Patent № 900 09.06.2022 sene boýunça hasaba alyndy.