Toplumlaýyn energiýa üpjünçilik ulgamlaryny we tehniki serişdelerini dolandyrmak
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
13-36

Toplumlaýyn energiýa üpjünçilik ulgamynyň ygtybarly işlemegini gazanmakda toplumlaýyn energiýa üpjünçilik ulgamlaryny we tehniki serişdelerini dolandyrmak, wajyp meseleleriň biri hasap edilýär hem-de birnäçe meseleleriň çözülmegini talap edýär. Ylmy makalada ilatly ýerlerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň resurslaryny kesgitlemeklige, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamaklyga, fotoelektrik Gün elektrik stansiýalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we hasaplamagyň usulyýetine seredilip geçirilýär. Şeýle hem, käbir synag taslamalary hödürlenilýär.

Endigan koeffisiýentli dördünji tertipli elliptiko-parabolik deňleme üçin Frankl meselesi görnüşli meseläniň umumylaşdyrylan çözüwi barada
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
37-48

Işde dördünji tertipli garyşyk deňleme üçin, Frankl meselesi görnüşli mesele derňelýär. Laks- Milgrammyň teoremasy arkaly, funksional derňewüň birnäçe usullarynyň esasynda, agram bilen alnan Sobolew giňişliginde Frankl meselesi görnüşli meseläniň endigan koeffisiýentli dördünji tertipli garyşyk deňlemelesi üçin çözüwiniň bir bahaly umumylaşdyrylan çözüwiniň bardygy subut edilýär.

Bu işiň esasy netijesi, berlen dördünji tertipli garyşyk deňlemäniň koeffisiýentlerine degişli bolan käbir şertlerde onuň H 2,k giňişliginde çözüwüň barlygy hakyndaky tassyklamadyr.

GMU tehnologiýalarynyň we ýeri uzakdan zondirlemegiň kömegi bilen öri meýdandaky işjeň biomassalary anyklamagyň usulyýeti
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
49-72

Öri meýdanlarynyň biomassasy, öri meýdanlarynyň öndürijiligini öwrenmek üçin möhüm görkezijidir. Işde geografiki maglumat ulgamlaryny (GMU) we ýeri uzakdan zondirlemegi ulanmak arkaly öri meýdanlarynyň iýmlik biomassasyny hasaplamagyň usulyýeti taýýarlanyldy. Ol öri meýdanlarynyň biomassasynyň aralyk-wagtlaýyn üýtgemegini seljermäge mümkinçilik berýär. Işde 2019-njy we 2020-nji ýyllar boýunça Türkmenbaşy şäheriniň töweregine baha berildi. Netijeler ýeri uzakdan zondirlemek arkaly alnan maglumatlaryň we GMU tehnologiýasynyň öri meýdanlarynyň biomassasyna baha bermekde we öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak üçin, hasyllylygyny çaklamakda peýdaly bolup biljekdigini görkezdi.

Ýod düzümli polimer gurluşly mikroblara garşy ulanylýan derman serişdeleri
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
73-84

Polimer gurluşly düzüminde ýod saklaýan ýodinol, ýodly krahmally erginleriň spektrofotometrik düzümleri öwrenildi. Olaryň antibakterial häsiýetleri 4 görnüşli mirokulturalarda barlanyldy, biologiýa işjeňliginiň hatary işlenip düzüldi. Spektrofotametrik seljermeleriniň esasynda, ýodyň kompleks emele getiriji häsiýetleri öwrenildi. Düzüminde ýod saklaýjy derman serişdeleriniň ulanyş möhletiniň olaryň erginlerindäki kompleks emele getiriji ýoduň durnuklylygyna baglydygy ýüze çykaryldy.

Geptadekany we geptadekan bilen onuň oksidatynyň galyndysynyň garyndysyny, katalizatoruň gatnaşmagynda howanyň kislorody bilen okislendirmegiň kinetikasy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
85-94

Katalizatoruň gatnaşmagynda, geptadekanyň howanyň kislorody bilen täsirleşmesiniň netijesinde, bir esasly karbon kislotalarynyň we çylşyrymly efirleriň emele gelşiniň tizlikleriniň kinetik hemişelikleri kesgitlenildi. Geptadekan bilen onuň oksidatynyň galyndysynyň garyndysynyň (1:1 massa gatnaşykda) katalitik okislenmek hadysasynda bir esasly karbon kislotalarynyň emele gelşiniň tizliginiň arassa geptadekana görä 2,8 esse ýokarlanýandygy, kinetik derňewleriň netijesinde ýüze çykaryldy.

Metabolik sindromyň anyklanyşy we bejergisi
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
95-103

Barlagyň maksady: metabolik sindromynyň (MS) bejerişinde ösümlik garyndylarynyň netijeliligini öwrenmek. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň iç keseller bölümine düşen MS bilen 31 näsag barlanyldy. Näsaglar 2 topara bölündi. Birinji topara gipolipidemik (statinler), antigipertenziw serişdeler (angiotenzin öwürji fermentiň ingibitorlary, kalsiý antagonistler), insulinrezistentligini peseltmegi üçin serişdeler (metformin) berildi. Ikinji topara esasy bejerişe goşmaça fitogaryndy bellenildi. Esasy we fitobejerginiň bilelikde ulanmagy, bejerginiň irki döwrinde öz netijeliligini görkezýär, keseliň geçişini gowulandyrýar we ýürek-damar gaýraüzülmeleriň ösmeginiň howpuny peseldýär.

Türkmenistanyň şertlerinde ýerli çig mallardan biodargaýjy superabsorbent gidrogelini almagyň usuly
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
104-112

Ylmy iş ýerli çig mallardan superabsorbent gidrogelini bölüp almaklyga bagyşlanan. Superabsorbent gidrogelini taýýarlamak üçin, barlaghanada limondan limon kislotasy, mekgejöwenden krahmal, buýan köküniň önümçilik galyndysyndan karboksimetilsellýuloza bölünip alyndy we çig mal hökmünde peýdalanyldy. Gidrogeli bölüp almak, iki tapgyrda ýerine ýetirildi. Alnan superabsorbentiň mahsus häsiýetleri – çişme indeksi, biodargaýjylygy kesgitlenildi, onuň gurluşy elektron mikroskopiýa, termo-grawimetrik analizi, furýe öwrüjili infragyzyl spektrofotometriýa enjamlarynyň kömegi bilen barlanyldy.