Tegelekde singulýar potensially elliptik deňleme
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
13-39

Makalada merkezi koordinatalar başlangyjynda bolan birlik tegelekde singulýar potensially elliptik deňleme üçin Dirihle meselesiniň otrisatel däl umumylaşdyrylan çözüwiniň üzňe nol nokadynyň töwereginde özüni alyp barşy öwrenilýär. Seredilýän meseläniň otrisatel däl umumylaşdyrylan çözüwiniň deňlemedäki potensial funksiýa görä barlygynyň we ýoklugynyň takyk şertleri tapylýar. 

Alapakyryň tohumynyň fitohimiki düzüminiň we hil görkezijileriniň innowasion usulda kesgitlenilişi
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
40-59

Makalada alapakyryň tohumynyň bejerijilik häsiýetleriniň aýratynlyklary we dermançylyk maksady üçin gerekli bolan hil görkezijileri kesgitlenilýär.

Ýerli çig mallardan doňaklyga garşy ekologik taýdan arassa serişdeleriň alnyşy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
60-77

Bu ylmy makalada «Garabogazkarbamid» önümçilik birleşiginiň önümlerini çig mal hökmünde ulanmagyň maksadalaýyklygy subut edilýär. Geçirilen gözlegleriň netijesinde doňaklyga garşy ekologiýa taýdan arassa serişdäniň öndürilişiniň tehnologiýasynyň ylmy esaslary işlenilip düzüldi. Türkmenistanda häzirki wagtda ulanylýan reagentiň (natriý hloridiniň, çöl çägesiniň) ornuna ekologiýa taýdan arassa reagenti ulanmak barada teklip taýýarlanyldy.

Howanyň üýtgeýän şertlerinde merkezi Köpetdagda we onuň dag eteklerinde duş gelýän guşlaryň ekologiýasy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
78-91

Merkezi Köpetdagda we onuň eteklerinde duş gelýän guşlaryň görnüş düzümi, sany barada käbir ylmy maglumatlar beýan edilýär. Dagetek landşaftlarda täze döredilen tokaý zolaklarynyň ornitofauna ýetirýän täsiri kesgitlenildi. Esasy duş gelýän otrýadlaran laçynşekillileri (Falconiformes), towukşekillileri (Galliformes), atgarlawaçşekillileri (Apodiformes), kepderişekillileri (Columbiformes), doňuzguşşekillileri (Piciformes) we serçeşekillileri (Passeriformes) bellemek bolar.

Şorlaşan ýerleri dikeltmekde buýan köküniň galyndysyny peýdalanmagyň ähmiýeti
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
92-107

Bu makalada ikilenji şorlaşma we şorlaşma hadysasyna täze sezewar bolan topraklarda tebigy sorbent hökmünde buýan köküniň önümçilik galyndylaryny peýdalanmak arkaly duzlulygyň peselişiniň netijeleri beýan edildi. Ylmy barlaglar Lebap welaýatynyň “Gülüstan” daýhan birleşiginde ikilenji şorlaşan topraklarda geçirildi. Tejribeleriň dowamynda ikilenji şorlaşma eýe bolan topraklarda duzlaryň umumy mukdary 12,03-16,09%-e deňdir. Täze şorlaşyp başlan topraklarda bolsa duzlaryň umumy mukdary 7,1-8,5% çenli aralykda saklanýar. Geçirilen tejribe işlerinden soňra duzlaryň umumy mukdarynyň 2,53-6,35% çenli kemelýändigi ýüze çykaryldy.

Buýan köküniň önümçilik galyndysyny topragyň ikilenji şorlaşmagynyň öňüni almakda tebigy sorbent hökmünde peýdalanmagyň örän ähmiýetlidigi barlaglarymyzyň netijesinde ýüze çykaryldy. Topraga sorbent häsiýetli ýeňil dargamaga (çüýremäge) ukyply maddalar sepilende şorlaşan topraklardaky duzlary çalt özüne siňdirip bilýär. Soňra duzlary adsorbirlän buýan köküniň galyndylary wagtyň geçmegi bilen toprakda ýaşaýan mikroorganizmler tarapyndan dargadylýar. Bu bolsa topragyň gumusynyň artmagyna getirýär we ýere goşmaça dökün bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň şertlerinde ýerli goýun ýüňlerinden lanolini almagyň usuly
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
108-116

Ylmy iş ýerli çig mallardan lanolini bölüp almaga bagyşlanan. Lanolini taýýarlamak üçin çig mal hökmünde goýun ýüňi peýdalanyldy. Lanolini bölüp almak iki tapgyrda ýerine ýetirildi. Alnan lanoliniň mahsus häsiýetleri – ereýjiligi, dykyzlygy kesgitlenildi. Onuň gurluşy furýe öwrüjili infragyzyl spektrofotometriýa enjamlarynyň kömegi bilen barlanyldy.

Köýtendagda ösýän çalymtyl sarygülüň ýerüsti böleginiň fitohimiki barlagy
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
117-128

Ylmy işde umumy kabul edilen melhemçilik makalalarynyň talaplaryna laýyklykda çalymtyl sarygülüň (зверобой шероховатый (Hypericum scabrum) ösümlik çig malynyň barlaglary ýerine ýetirildi. Ösümlik çig malynyň düzümindäki saponinleriň, nemiň, flawonoidleriň hil we mukdar derňewleri geçirildi.