Çöller we oazisler: wagt we giňişlik boýunça özara täsiriň depgini
Doly tekst
Gysgaça beýany
Gadymy döwürlerden bäri adamyň hojalyk işiniň çölleriň landşaftyna ýetirýän täsiriniň meselelerine oazisleriň we çölleriň özara täsiriniň mysalynda garalýar. Ylmy edebiýatlaryň seljerilmeginiň esasynda adamyň daşky gurşawa täsiriniň artyş depgini öwrenildi, taryhy-geografiki garaýyşlar işlenip düzülip, bularyň esasynda adamyň çöl landşaftyna täsir ediş derejesiniň ýuwaş- ýuwaşdan artyşy kesgitlenildi. Landşaftlaryň antropogen faktorlarynyň täsiri hem-de şunda ýüze çykýan ýaramsyz prosesleriň we hadysalaryň netijesinde özgeriş dinamikasynyň kartasy çyzylanda aeorokosmiki usullardan peýdalanyldy. Türkmenistanyň, esasan, oazisleriň töwereginde emele gelýän ekologiýa taýdan çylşyrymly sebitleriniň shematiki kartasy düzüldi. Karta daşky gurşawy goramak boýunça çäreler işlenip düzülende ulanylyp bilner.
Esasy sözler
Oazisler, çöl landşaftlary, çölleşme, taryhy-geografiki döwürler, neolit, golosen, paleoklimat, plýuwial, uzak aralykdan ulanylýan usullar, kosmiki surat.Awtor barada
Amangylyç BabaýewTürkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Turkmenistan
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri, geografiýa ylymlarynyň doktory
Edebiýatlar
1. Берг Л.С. Географические зоны Советского Союза. Т. 2. – М., 1952.
2. Гумилев Л.Н. Этногенез и биосфера Земли. – Л., 1990.
3. Лисицына Г.Н. Становление и развитие орошаемого земледелия в Южной Туркмении. – М., 1978.
4. Мамедов Э.Д. О плювиальных палеоклиматах пустынь в плейстоцене. // Проблемы освоения пустынь. № 3, 1984.
5. Петров К.М. Общая экология. – СПб., 1987.
6. Сарианиди В.И. Открытие страны Маргуш. // Наука в СССР. № 1, 1986.
7. Семенов С.А. Происхождение земледелия. – Л., 1974.