Psoriaz barada häzirki zaman düşünjesi
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Psoriaz – genetiki faktorlaryň ösmeginde agdyklyk edýän köp faktorly gelip çykyşly immun arabaglanyşykly dowamly kesel bolup durýar. Näsaglaryň 30%-inde psoriaz keseli psoriatik artritiň (PsA) döremegi bilen geçýär, ol näsaglaryň maýyp bolmagyna we daýanç-hereket ulgamynyň gurluşlarynyň işiniň ýitirilmegine sebäp bolup biler. Ilatyň 2-3%-i psoriaz keselinden ejir çekýär. Köplenç ýagdaýlarda psoriaz durmuş taýdan işjeň ýaşlyk döwründe ýüze çykyp, näsagyň ýaşaýşyna amatsyz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda psoriaza komorbid ýagdaýlaryň düzümine ýürek-damar ulgamynyň keselleri, aşgazan-içege ýolunyň sowuklama keselleri, böwrekleriň keselleri, onkologik keseller, metaboliki sindrom, insuline durnuklylyk we süýjüli diabet, dislipidemiýa, psihiatrik komorbidlik, neýroendokrin bozulmalar, gepatobiliar ulgamyň keselleri degişli bolýar. Psoriaz keseliniň dürli görnüşli bolýanlygyny nazara almak bilen bejerginiň usulynyň saýlanylmagy psoriaz prosesiniň agyrlygyna, komorbidligine, kesel bilen bagly psihiki-sosial agramyna, howpsuzlyga, näsagyň ileri tutmalaryna bagly bolýar. Psoriaz keseliniň bejergisi üçin dürli görnüşli usullary, şol sanda topiki dermanlary, fotobejergini, ulgamlaýyn we gen-inžener biologik serişdeler bilen bejergi usullaryny ulanýarlar.

Esasy sözler
Psoriaz, artrit, köp faktorlylyk, immun arabaglanyşyk, immunitet, interleýkin, täze döremäniň nekrozynyň faktory (TDNF-alfa), keratinositler, genler, nesilden geçýän, komorbid, fiziobejergi, fotobejergi, gen-inžener biologik serişdeler.
Awtor barada
Rahat Nazarow

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Turkmenistan

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň Ylmy kliniki deri-wenerologiýa bolüminiň müdiri


Atabaý Täşliýew

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Turkmenistan

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň Ylmy-kliniki deri-wenerologiýa bölüminiň esasy ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty


Dursun Öwezowa

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Turkmenistan

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň Ylmy-kliniki deri-wenerologiýa bölüminiň ylmy işgäri


Ogulmähri Gylyçnyýazowa

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Turkmenistan

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň Ylmy-kliniki deri-wenerologiýa bölüminiň kiçi ylmy işgäri


Edebiýatlar

1. Bataille V, Lens M, Spector TD. The use of the twin model to investigate the genetics and epigenetics of skin diseases with genomic, transcriptomic and methylation data. J Eur Acad Dermatol Venereol. 2012 Sep;26(9):1067-73.

2. Gladman D, et al. Psoriatic arthritis: epidemiology, clinical features, course, and outcome, Ann. Rheum. Dis. 2005; 64:ii14.d.

3. Lindsay K., Fraser A., Layton A. et al. Liver fibrosis in patients with psoriasis and psoriatic arthritis on long-term, high cumulative dose methotrexate therapy. Rheumatology (Oxford). 2009;48 (5): 569–72.

4. Man MQ, Man G, Elias PM. Could psoriasis be preventable? Dermatologica Sinica. 2015;33(4):243–244.

5. Menter A, Gottlieb A, Feldman SR, et al. Guidelines of care for the management of psoriasis and psoriatic arthritis. J. Am. Acad. Dermatol. 2008; 58:826-850.

6. Parisi R, et al. Global Epidemiology of Psoriasis: A Systematic Review of Incidence and Prevalence. J. Invest. Dermatol. 2013;133:377-385.

7. Асхаков М.С., Воронкова Е.Б. Особенности генетического фактора в наследовании полигенных заболеваний кожи. Актуал. вопр. дерматовенерол., косметол. и курортол.: сб. матер. Ставрополь, 2014. С. 40–43.

8. Муравенко, А.А. Природные факторы курорта Арчман в лечении и реабилитации больных псориазом. Актуальные проблемы санаторно-курортного лечения: сб. науч-практич. работ, посвящённых 40-летию ОАО «Белагроздравница» и 25-летию филиала Санаторий «Радон» ОАО «Белагроздравница». УО «Гродненский гос. Мед. университет». Гродно, 2020. С. 252-256.

9. Псориаз. Клинические рекомендации. Общероссийская общественная организация «Российское общество дерматовенерологов и косметологов». Год утверждения:2020.